Bitkoiniň hümmeti ýene-de 28 müň dollardan pese düşdi

15:3413.06.2022
0
3537

Soňky günleriň dowamynda esasy kriptowalýutanyň hümmeti 28 000 dollardan pese düşdi. Onuň bahasynyň 6% peselmegi bilen, beýleki elektron aktiwler hem peseldi. Şol bir wagtyň özünde, 3dnews.ru saýtynyň habar bermegine görä, ählisinden beter hem Ethereum tokeni soňky 24 sagadyň dowamynda 12.5%-den gowrak hümmetini ýitirip, 2021-nji ýylyň mart aýyndaky ýaly derejesine düşdi.

Bellenilişi ýaly, bitkoiniň hümmetsizlenmegi 12-nji maýda hem bolupdy, soň bolsa onuň bahasy kadaly bolman, soňlugy bilen 30 000 dollara çenli göterildi. Netijede ýene-de kriptowalýuta hümmetsizlenmäni başdan geçirdi. Mundan soň hem bitkoiniň bazar kapitallygy 523,8 millard dollara çenli peseldi.

Umuman, şu ýylyň başyndan bäri bitkoiniň bahasynda 40%-den gowrak hümmetsizlenme ýüze çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň