Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gün batareýasynda işleýän «Lightyear 0» awtoulagy önümçilige goýberiler

10:0713.06.2022
0
3940
Gün batareýasynda işleýän «Lightyear 0» awtoulagy önümçilige goýberiler
Surat: lightyear.one

Dünýäde ilkinji gezek Gün batareýalarynyň kömegi bilen işlejek elektrik awtoulagy niderlandlaryň «Lightyear» kompaniýasy öndürýär. Gün energiýasy bilen işlejek «Lightyear 0» awtoulagy 4 gapyly adaty sedan görnüşinde bolar.

Daşky keşbi boýunça nobatdaky elektrokar 2019-njy ýylda tanyşdyrylan Lightyear One awtoulagyna örän çalym edýär. Emma täze awtoulag ozalkydan birnäçe aýratynlyklary boýunça — täze çyralary, gapylarynyň tutawaçlarynyň ýerleşişi hem-de yzky kamerasy boýunça tapawutlanýar. Damja görnüşli ýokary bölegi uzyn bolup, yzlygyna rahatlyk bilen akýan ýaly görnüşdedir.

News.drom.ru saýty ulagyň elektrik zarýadynyň 625 kilometre ýetjekdigini habar berýär. Nowasyna ýelmenen iki sany Gün batareaýasy bolsa ulaga goşmaça 70 kilometr ýoly geçmäge ýardam berer. Bir ýylyň dowamynda Gün şöhlesiniň bolan ýagdaýynda ulag jemi 11 000 kilometrlik ýol üçin zarýad jemleýär. Ulagyň elektrik çeşmesini sarp edişi 100 km üçin sagatda 10,5 kWt deňdir, şeýle-de ony tiz zarýadlandyrmak üçin 0-dan 80%-e çenli zarýad üçin 1 sagat ýeterlikdir.

«Lightyear 0» awtoulagy Finlandiýanyň «Valmet» zawodynda öndüriler. Gün energiýasy bilen işlejek awtoulagyň bahasy 250 000 ýewro bolup, onuň ilkinji daşalyşy 2022-nji ýylyň noýabr aýyna meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň