Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan halkara ulag aragatnaşyklaryny gaýtadan dikelder, Türkmenistanyň Prezidentiniň täze awtoulagy, iň gowy mekdep müdiri yglan edildi, Russiýada bilim almak üçin orunlaryň sany artdyryldy we beýleki habarlar

09:5213.06.2022
0
29307
Türkmenistan halkara ulag aragatnaşyklaryny gaýtadan dikelder, Türkmenistanyň Prezidentiniň täze awtoulagy, iň gowy mekdep müdiri yglan edildi, Russiýada bilim almak üçin orunlaryň sany artdyryldy we beýleki habarlar

1. Ýakyn günlerde Türkmenistan ähli ugurlar boýunça halkara ulag aragatnaşyklaryny dolulygyna gaýtadan dikelder. Bu çözgüt dünýädäki epidemiologik ýagdaýyň kadalaşmagy esasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi.

2. Türkmenistanyň Hökümetine rus önümçiligine degişli bolan «Aurus Senat Limousine» awtoulagy gelip gowuşdy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapary amala aşyran wagtynda hereket edipdi.

3. Türkmenistanda iň gowy mekdep müdiri saýlanyldy. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi we Bilim ministrligi tarapyndan her ýylda geçirilýän bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň ýolbaşçysy Suraý Mämmedowa «Iň gowy mekdep müdiri» hökmünde saýlanyldy.

4. Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurym dabarasy geçirildi. Harby akademiýanyň uçurymlaryna diplomlar we döşe dakylýan nyşanlar, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna bolsa serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy

5. Russiýa tölegli esasda bilim aljak türkmenistanly talyplar üçin orunlaryň sanyny artdyrar. 2021-22-nji okuw ýylynda türkmenistanlylar üçin orunlaryň sany 220-ä deňdi, öňümizdäki ýylda bolsa olaryň sany 250-ä çenli artdyrylar.

6. Türkmenistanly awtorlar «48 sagatda surata düşürmek» atly kiçi göwrümli filmleriň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Merkezi Aziýadan kinematograflar toparlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän bäsleşik üstümizdäki ýylda 7-nji gezek guralar. Gatnaşyjylary bellige almak işleri 7-nji iýula çenli dowam eder, ýeňijiler bolsa baýrak hökmünde her ýylda bolşy ýaly, Amerika syýahata ugradylarlar.

7. Germaniýanyň Passau şäherinde ýerleşýän iň köne çörek kärhanasy ýapylar. Kärhana üznüksiz 245 ýyl işledi we iki sany Jahan urşuny başdan geçirdi, iki ýarym asyryň dowamynda ýurtdaky syýasy ulgam özgertmelerine we ykdysady çökgünlige şaýat boldy. Indi bolsa energiýa hem-de çig mal üçin çykdajylaryň artmagy we işgär ýetmezçiligi zerarly çörek kärhanasynyň eýeleri ony ýapmaga mejbur boldular.

8. «Samsung» kompaniýasy özüniň «Members» goşundysynda «iPhone» şekillendirilen mahabat bannerini köpçülige ýetirdi. Şondan birnäçe wagt geçenden soň «Apple» smartfony «Samsung» bilen çalşyldy. Bu babatda «Galaxy Store-iň» wekili ilkinji faýlyň bezegi üýtgedilýärkä ýalňyşlyk goýberilendigini belledi. Banneriň suraty haýal etmän çalşyldy.

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysy futbol boýunça Aziýanyň Kubogy-2023 çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyryň nobatdaky duşuşygynda Bangladeşiň ýygyndysyndan üstün çykdy. Kuala-Lumpuryň «Bukit Jalil» stadionynda geçirilen «E» toparyň duşuşygy Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminden Altymyrat Annadurdyýew we Arslanmyrat Amanow garşydaşyň derwezesine gol geçirmegi başardylar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 3 utuk bilen ahyrky duşuşygyň öňýanynda toparda üçünji orny eýeleýär.

10. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy futbol boýunça Aziýanyň Kubogy-2022 (23 ýaşa çenli) çempionatynyň çärýek finalynda Awstraliýanyň ýygyndysyndan asgyn geldi. Duşuşyk 0:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Türkmenistanyň ýygyndysynyň goragçysy Oraz Orazow öz derwezesine geçirdi. Şeýlelikde, türkmen futbolçylary çempionatdaky çykyşlaryny tamamladylar we täze taryhymyzda ýaşlaryň arasyndaky sebit birinjiligi ugrundaky ýaryşda iň gowy netijelerini gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň