Soňky habarlar

Arhiw

Eýran energetika pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

20:0912.06.2022
0
1410
Eýran energetika pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär
Surat: IRNA.ir

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň şenbe güni geçiren mejlisiniň dowamynda wise-premýer M.Muhammedow türkmen wekiliýetiniň ýakynda «2018 – 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw» atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Ýerli, milli, sebit hem-de global derejede suw serişdeleri ulgamynda hereketleri we hyzmatdaşlygy höweslendirmek» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Duşanbe şäherine amala aşyran iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa täjik Lideri Emomali Rahmonyň hoşniýetli sözlerini hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Habar berlişi ýaly, iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Duşuşyklarda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna baha berildi, şeýle hem özara bähbitli we deňhukukly ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle duşuşyk Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Aliakbar Mehrebiýan bilen hem geçirildi. IRNA agentliginiň habar bermegine görä, taraplar söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada maslahatlaşdylar, Hususan-da, eýran tarapy energetika babatda ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini öňe sürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň