Soňky habarlar

Arhiw

Antalýada 4,1 magnitudaly ýertitreme boldy

18:2912.06.2022
0
3676

Türkiýäniň dynç alyş zolakly Antalýa şäherinde 4,1 magnitudaly ýertitreme hadysasy bolup geçdi. Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we netijelerini ýok etmek baradaky gullugynyň habar bermegine görä, hadysanyň ýüze çykmagynyň çeşmesi 14 kilometrlik çuňlukda ýerleşýär.

Gullugyň habarynda bellenilişi ýaly, ýertitreme ýerli wagt bilen 5:05-de hasaba alyndy. Mir24 häzirlikçe bolan ýitgiler we heläkçilik barada hiç hili maglumatyň gelip gowuşmanlygyny habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň