«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy Azerbaýjanda geçirilýän Gran-Prini göni ýaýlymda görkezer

13:1912.06.2022
0
4127

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy «Formula 1» boýunça geçirilýän 73-nji dünýä çempionatynyň sekizinji tapgyryny göni ýaýlymda tomaşaçylar köpçüligine ýetirer.

Teleýaýlym tapgyryň esasy ýaryşyny şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da görkezer diýip, TurkmenTV habar berýär.

Azerbaýjan Gran-Prisi «Formula 1» derejeli awto ýaryşlary boýunça geçýän dünýä çempionatlarynyň bir tapgyrydyr. Çempionat tapgyry 2017-nji ýyldan bäri Baku şäheriniň merkezi trassasynda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň