Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň Döwlet Tretýakow galereýasyna baryp gördi

21:3310.06.2022
0
5659

Şu gün Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň çeperçilik muzeýine — Döwlet Tretýakow galereýasyna baryp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmany bu ýerde ýerleşdirilen meşhur rus suratkeşleriniň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyryldy. Munuň özi döwlet Baştutanynyň dostlukly ýurda saparynyň medeni maksatnamasyna aýratyn many-mazmun berdi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Moskwanyň Döwlet Tretýakow galereýasy dünýäniň iň iri çeperçilik muzeýleriniň biridir. Ol 1851-nji ýylda moskwaly täjir Pawel Tretýakow tarapyndan esaslandyrylyp, 1893-nji ýylda resmi taýdan jemgyýetçilik üçin açylypdyr. Tretýakow galereýasy Russiýanyň milli sungatynyň esasy muzeýi bolup, ol ýurduň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny açyp görkezýär. Häzirki wagtda bu çeperçilik toplumy XIX-XX asyrlaryň sungat eserleriniň 190 müňe golaýyny özünde jemleýär.

Belläp geçsek, Meşhur Tretýakow galereýasy: «Meniň ýaly žiwopisi jany-teni bilen çyndan söýýän adam üçin hemmelere peýda getirýän we lezzet berýän gaýtalanmajak sungat eserleriniň hemmelere elýeterli görnüşde saklanýan jemgyýetçilik ýerini döretmegiň başyny başlamakdan gowy isleg bolup bilmez. Men milli, has anygy, rus suratkeşleriniň eserlerinden ybarat bolan galereýany miras goýmak islärdim» diýip arzuwlan Pawel Tretýakowyň diňe bir rus halkyna däl, eýsem, tutuş dünýä beren bahasyna ýetip bolmajak peşgeşidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň