Soňky habarlar

Arhiw

Aýa çykarylan baýdak 162.500 dollara satyldy

14:5510.06.2022
0
4426
Aýa çykarylan baýdak 162.500 dollara satyldy
Surat: arabiaweather.com

«Heritage Auctions» auksion öýi Aýa amala aşyrylan ekspedisiýada Apollon-11 kosmiki gämisi bilen Aýa çykarylan baýdagy auksiona çykardy. Ölçegi 19,5 х 29 santimetr bolan ABŞ-nyň baýdagy ýüpekden dokalypdyr. Onda astronawt Maýkl Kollinz tarapyndan ýazylan ýazgy hem bar.

Baýdagyň hakykylygy we ondaky «Apollon-11-de Aýa çykaryldy Iýul 1969 / Maýkl Kollinz» diýen ýazgy hem şahadatnama bilen tassyklanandyr. Elitethings.com saýtynyň belleýşi ýaly, Apollon-11 bilen Aýa golaý baran bu baýdak 162.500 dollara satyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň