Aşgabatda «Senetçileriň ýarmarkasy» geçiriler

08:4110.06.2022
0
13868

11-nji iýunda Aşgabat söwda we medeni dynç alyş merkezinde «Senetçileriň ýarmarkasy» geçiriler. Bu ýerde senetçilik önümlerini: ýadygärlik sowgatlaryny, oýunjaklary, şaý-sepleri, esbaplary satyn alyp bilersiňiz.

Ýarmarka 16:00-dan 22:00-a çenli söwda we dynç alyş merkeziniň esasy girelgesiniň 3-nji gatynda geçiriler.

Geçirilmegi däbe öwrülen «Senetçileriň ýarmarkasy» indi köp wagtdan bäri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary tarapyndan gyzyklanma bildirilýär. El işleriniň hünärmenleri her gezek bu ýere gelýänleri täze önümleri bilen begendirmäge çalyşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň