Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumynda çykyş etdi

23:5209.06.2022
0
2969

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy.

«Watan» habarlar gepleşigine habar berlişi ýaly, forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde «Ýaş parlamentariler: Arkalaşygyň geljegine garaýyş» atly şygar bilen geçýär.

Bellenilşi ýaly, bu çäre GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna hem-de onuň çäklerindäki Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy.

GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaşlar parlamentara forumynyň açylyşyndan soňra oňa gatnaşyjylara söz berildi.

Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly çykyşynyň başynda ähli kärdeşlerine ýüzlenip, olary mübärekledi hem-de «Ýaş parlamentariler: Arkalaşygyň geljegine garaýyş» şygary bilen geçýän ýubileý forumyň işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasynyň häzirki wagtda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydygy, halkara parlament işleriň häzirki döwürde hut şu ugurda möhüm ähmiýete eýedigi dogrusynda belledi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda şu ýyl özüniň döredilmeginiň on ýyllygyny belleýän Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň möhüm ornuny hem ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň