Soňky habarlar

Arhiw

Sarp edilýän suw serişdeleriniň elektron hasabaty ýörediler

23:0909.06.2022
0
10177

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna saparynyň dowamynda şu gün Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi bilen sebitiň, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçilik meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Häzirki wagtda welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, suw hojalyk ulgamyny ösdürmek boýunça işleri çaltlandyrmak hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek maksady bilen, giň gerimli işler geçirilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk ekinleri suwarylanda suw tygşytlaýjy usullary ulanmak, yzygiderli ýagdaýda degişli çäreleri geçirmek zerurdyr. Dünýä tejribesinden ugur alyp, iri suw geçirijileri, suw howdanlaryny hem-de kölleri peýdalanmagyň iň täze tehnologiýalaryny ulanmak, sarp edilýän suw serişdeleriniň doly hasabyny ýöretmek hem-de bu işleri sanly ulgama geçirmek zerurdyr

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň