Gurbanguly Berdimuhamedow Lebabyň köpugurly bazaryna aýlandy

22:5409.06.2022
0
53095

Şu gün Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy welaýat merkezindäki bazara baryp, azyk önümleriniň görnüşleri, hususan-da, gök we bakja önümleri bilen bazarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen gyzyklandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bazar bilen tanyşlygyň dowamynda maldarçylyk pudagynyň önümlerine, şol sanda gara mallaryň we towuk etiniň öndürilişine aýratyn gyzyklanma bildirildi.

Bazaryň satyjylary we alyjylary Gurbanguly Berdimuhamedowa içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça ähli şertleriň döredilýändigi, telekeçilere, hususan-da, azyk önümlerini hem-de gündelik sarp edilýän harytlary öndürijilere berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda nokatlaryna aýlandy hem-de alyjylar we satyjylar bilen ýurdumyzyň bazarlarynda elýeterli nyrhlardan haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça meseleler barada pikir alyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň