Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça mugallymlar we talyplar bilen duşuşyk geçirdi

22:3909.06.2022
0
9087

Şu gün Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp gördi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň binasyna baryp, döwrebap bilim almak üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça institutyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda döwletiň ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek, okuw-terbiýeçilik işini ösdürmegiň hem-de okatmagyň ýollary, okuw işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli bilim ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada pikir alşyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mugallymlar we talyplar bilen söhbetdeşliginiň barşynda okatmagyň iň täze usullaryny ornaşdyrmak, nazaryýet ylmynyň tejribe-okuw sapaklary bilen utgaşdyrylmagy üçin institutda döredilen şertler barada pikir alşylyp, bu ýokary okuw mekdebinde mugallymçylyk ugry boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara gepleşik dili bolan iňlis dilini iň irki ýaşdan başlap, heniz mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilmegini höweslendirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mekdep uçurymlarynyň käbiriniň orta mekdebi tamamlan ilkinji ýylynda ýokary okuw mekdeplerine girip bilmeýändiklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlara saýlap alan hünäri boýunça tejribe toplar ýaly işe ýerleşmäge ýardam bermek meselesi barada oýlanyşmagyň maksadalaýyk boljakdygy baradaky teklibi öňe sürdi. Şonuň bilen birlikde, ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmek baradaky teklip hem aýdyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow institutyň okuw mekdeplerini gurmagyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze binasyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň