Lebapdaky hassahanada owgan halkyna yzygiderli lukmançylyk kömegi berler

22:1609.06.2022
0
5262
Lebapdaky hassahanada owgan halkyna yzygiderli lukmançylyk kömegi berler

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda saparda bolmagynyň çäklerinde welaýat köpugurly hassahanasynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Germanowyň hem-de Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynyň baş lukmany S.Ýusubowyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hassahananyň bölümleriniň iş tertibi, körpe näsaglara lukmançylyk kömegi berlende bejerişiň häzirki zaman usullarynyň peýdalanylmagyna, keselleri anyklamakda sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna, hassahananyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler ara alyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow hassahananyň umumy ýagdaýy, şol sanda derman üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Şeýle-de lukmançylyk serişdeleriniň we enjamlarynyň rejeli we maksadalaýyk peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň bu sebitiň ýaşaýjylary bilen bir hatarda, owgan halkyna hem lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenendigini, Türkmenistanyň hemişe Owganystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna eýerip, doganlyk halka degerli goldaw, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda netijeli ýardam berjekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň