Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

10:2009.06.2022
0
3669

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, döwlet Baştutany gutlag hatynda geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlaryň arasynda ruhy we medeni gymmatlyklara, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mynasyp derejede ösdürilendigi hem-de yzygiderli giňeldilýändigi bellenilýär.

Türkmen Lideri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, işinde täze üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň