Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

22:1108.06.2022
0
4987
Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde düýpli abatlaýyş işleri geçiriler
Surat: salamnews.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde düýpli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Döwletliler köşgünde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Düýpli abatlaýyş işlerine 2022-nji ýylyň iýun aýynda başlanar we 2022-nji ýylyň awgust aýynda tamamlanar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 31-nji maýynda Döwletliler köşgüne baran wagty bu ýerde abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini, şeýle-de bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň okamaklary, dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň