Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolynyň uçurymy — PFL-iň iň netijeli hüjümçileriniň biri

13:4924.03.2015
0
2789

Hüjümçi geçiren pökgüleri bilen tanalýar. “Saturnyň” janköýerlerine bolsa Maksim Kazankowy ýatda saklamazlyk kyn. Möwsümiň birinji ýarymynda “Domodedowada” çykyş eden hüjümçi diňe bir gara-gökleriň goragyny başagaýlyga salman, eýsem, iki oýnuň hersinde bir gezek tapawutlandy. Umuman alnanda bolsa, PFL-iň (Russiýanyň futbol çempionatynyň ikinji diwiziony) 18 tapgyrynda Kazankow on pökgi geçirdi. Türkmen futbolynyň uçurymy Maksim Kazankow “Saturn” klubunyň saýtyna beren beýanatynda şeýle gürrüň berdi.

—Däp bolup gelýän sowal. “Saturna” geçmek meselesi nädip ýüze çykdy, ol nädip seni özüne çekdi?

—Çakylyk Sergeý Nikolaýewiç Žukowdan gelip gowuşdy. “Saturn” — baý taryhy bolan topar. Munuň üstesine, FNL-e çykmak wezipesi öňde durýar. Şonuň özi hem özüne çedi.

—Siz möwsümiň birinji ýarymynda “Domodedowada” oýnaýarkaňyz häzirki toparyňyza her iki oýunda pökgi geçirýärdiňiz. Bu tötänlikmi?

—Biz şonda alty pökgi geçirdik, elbetde, menem hüjümçi hökmünde tapawutlanmaly. Men şol duşuşyklarda bary-ýogy öz esasy wezipämi ýerine ýetirmäge çalyşdym.

—Şeýle seredeniňde, siz “Saturna”, toparyň oýnuna ýeňillik bilen goşuldyňyz. Pökgi geçirmäge we şeýle etmäge ýoldaşlaryňyza ýardam bermäge ilkinji ýoldaşlyk duşuşyklarda işjeň girişdiňiz.

—“Saturnda” ýokary derejelerde oýnan tejribesi ýetik oglanlar çykyş edýär. Şonuň üçin öwrenişmek kyn düşmedi.

—Çempionatyň başlanmagyna bir aýa golaý wagt galdy. Siziň ýaryşdan garaşýan netijäňiz?

—Elbetde, öňdäki orny eýelemek esasy garaşýan netijäm.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň