Önümlere kesilen bahalar oýlanyşykly iýmitlenmegi höweslendirip biler

13:4424.03.2015
0
6384

Öndürilýän önümlere nyrh kesilmegi babatdaky syýasat oýlanyşykly iýmitlenmäge öz täsirini ýetirip, ahyrky netijede ilatyň saglygynyň gowulanmagyna getirip biler. Birnäçe ýurtlaryň tejribesini öwrenen Bütindünýä Saglyk Guramasynyň bilermenleri şeýle netijä geldiler.

Azyk önümleriniň ol ýa bu görnüşiniň nyrhy adamlaryň anyk nämäni we nähili mukdarda satyn almak isleýändigine täsir edýär.

Bahalary üýtgedip durmak arkaly olary meýillerinden el çekdirip, peýdaly iýmitlere, mysal üçin, miwe we gök önümlerine gönükdirip, şeýle hem aşa ýagly, duzly we süýjüli ýokary kaloriýaly önümlere bolan isleglerini aradan aýryp bolar.

Şeýlekin nyrh syýasaty eýýäm Daniýada, Wengriýada, Finlýandiýada we Fransiýada barlanyp görülýär. Şunlukda, köp ýagdaýlarda nyrh kesilmegi bilen alyjylaryň özüni alyp barşyndaky gatnaşyklary ýola goýmak başartdy.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň