Fareriň ýygyndysynyň kapitanyna Ýewro — 2016-nyň saýlama duşuşygyna gatnaşmaga işden rugsat bermediler

11:5924.03.2015
0
2441

Farer adalarynyň futbol boýunça ýygyndysynyň kapitany Frodi Benýaminsene Ýewro — 2016-nyň Rumyniýanyň toparyna garşy geçirilmeli saýlama duşuşygyna gatnaşmaga rugsat bermediler diýip, Sport.ro habar berýär.

Rumyniýanyň we Farer adalarynyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýun 29-njy martda Ploýesti şäherinde geçirilmeli.

Goragda we ýarym goragda deň derejeli oýnap bilýän Benýäminsen myhmançylykda boljak bu duşuşygy sypdyrmaga mejbur boldy. Çünki şol gün ol öz zähmet çekýän ýeri bolan gurluşyga işe çykmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň