Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» aýakgap dükanynda baýrakly utuş çäresi dowam edýär

17:5707.06.2022
0
16413

«Röwşen» hususy kärhanasy aşgabatlylara we paýtagtyň myhmanlaryna aýakgap dükany tarapyndan ýakynda yglan edilen utulyşsyz baýrakly çäräniň häzirem dowam edýändigini, olardan müşderileriň gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolmak mümkinçiliginiň bardygyny habar berýär.

Ählisinde utuş bar bolan bu baýrakly çärä gatnaşmak üçin dükandan möçberi 600 manatlyk söwda etmelidir. Müşderi degişli mukdarda aýakgap satyn alan mahaly oňa lotereýa petegi berilýär we şol ýerde-de bijesinden çykan baýrak gowşurylýar.

Utuşly petekleriň her birinde hökmany bir sowgat bardyr. Bu baýraklaryň hatarynda sowadyjy, mirotolkunly peç, tozan sorujy, ütük, blender we beýleki hojalyk tehnikalary, şol sanda smartfonlar, «akylly» sagatlar, simsiz nauşnikler, şeýle-de «Röwşen» haryt nyşany ýazgyly köýnekçeler we başga-da köp sanly baýraklary aýtmak bolar.

Utuşly aksiýa 25-nji iýuna çenli dowam eder.

Häzirki wagtda «Röwşen» aýakgaplarynyň ýokary hilli görnüşleri giňden peýdalanylýar we islege kybap gelýändigi bilen tapawutlanýar.

«Röwşen» kärhanasynyň aksiýa geçirilýän dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaýy («Gadamly» binasy).

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň