Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi

16:3607.06.2022
0
4866

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilelikde Türkmenistanda her ýylda giňden bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Goşgy ýazmak we makala ýazmak ýaly iki ugur boýunça geçirilýän döredijilik bäsleşigine 30 ýaşa çenli bolan ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige goşgulary bilen gatnaşjak ýaş şahyrlar watançylyk ruhundaky, türkmen tebigatyny, bagtyýar durmuşy, erkin söýgini wasp edýän täze (ozal metbugatda çap edilmedik) goşgularyny hödürlemeli. Habar ýazmak şerti boýunça gatnaşýan ýaşlar bolsa ýurduň ykdysady pudaklaryndaky we beýleki ugurlardaky önümçilikler, hususan-da söwda we hyzmatlar ulgamynda täze öndürilýän önümler we olaryň öndürilişi baradaky habarlary suratlary bilen hödürläp bilerler.

Bäsleşige hödürlenjek habarlar hakykata laýyk bolup, onda getirilýän faktlar anyk bolmalydyr. Habaryň suratynyň onuň mazmuny bilen gös-göni baglanyşykly bolmagy hökmanydyr. Bäsleşige gatnaşyjy ýazan goşgusyny ýa-da habaryny özi baradaky esasy maglumatlary bilen bilelikde (ady we familiýasy, işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) biznes.reklama.newspaper@gmail.com ýa-da biznes.reklama@list.ru elektron poçta salgysyna ibermeli. Bäsleşige goşgular we habarlar iýun aýynyň 25-ine çenli kabul edilýär.

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň netijeleri iýun aýynyň ahyryna belli bolar. Bäsleşikde Baş baýraga mynasyp bolan gatnaşyjy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň 32 dýuým ölçegli «Tolkun» akylly telewizory, birinji, ikinji, üçünji orna mynasyp bolanlar bolsa gymmatbahaly hojalyk tehnikalary bilen, şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşanlar ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglanar.

Has tapawutlanan goşgular we habarlar «Biznes reklama» gazetinde çap ediler. Şeýle-de ol materillar gazetiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web-saýtlarynda okyjylara ýetiriler.

Bäsleşige degişli giňişleýin maglumatlary şu salgylardan alyp bilersiňiz:

«Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy: 23-77-95.

Elektron poçta: biznes.reklama@list.ru; biznes.reklama.newspaper@gmail.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň