Soňky habarlar

Arhiw

«Home Gallery» Ýewropa kärhanalarynyň bölekleýin materiallaryny we santehnika önümlerini hödürleýär

09:5107.06.2022
0
5165

2022-nji ýylyň başynda açylan «Home gallery» abatlaýyş işinde peýdalanylýan gurluşyk harytlarynyň dükany daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalarynyň öndürýän bölekleýin materiallarynyň we santehnika önümleriniň köp sanly görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

«Home gallery» dükanynyň dürli hili harytlarynyň hatarynda Germaniýanyň «Rasch» kompaniýasynyň diwar oboýlarynyň dürli görnüşleri, Belgiýanyň «Ideal Standart» haryt nyşanly santehnika önümleri, şeýle-de «Greespania» we «Anka seramik» haryt nyşanly keramika-granit önümleri bar.

Dükanyň gurluşyk ugrundan tejribeli hünärmenleri islendik öý gurşawy üçin stilistik aýratynlygyna laýyklykda oboýlary saýlamaga hem-de keramika-granit örtüklerini ýerlikli satyn almaga ýardam berýärler.

«Home gallery» dükanynda alyjylara ýetirilýän santehnika önümleri diňe bir gözelligi ýa-da öýlere gelşik berýänligi bilen däl-de, eýsem, uzakmöhletleýin hyzmat edip biljek Ýewropa hil standarty bilen hem tapawutlanýandyr. Bu ugurda «Ideal Standart» kärhanasy eýýäm ýüz ýyldan gowrak wagt bäri ýokary hilli farfordan, keramikadan we faýansdan wannalar, duş kabinalary, rakowinalar, kranlar we wanna otagy üçin zerur bolan islendik aksessuarlar ýaly santehnika önümlerini öndürip gelýär.

«Home gallery» dükanynyň ähli harytlaryny kepillikli ýetirýändigini hem bellemek gerek.

Dükanyň salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 23-nji jaý, «Myratly Gadam» binasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň