Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwa amala aşyrjak sapary maslahatlaşylýar

22:4806.06.2022
0
6858

Şu gün Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy resmi saýtynda habar berýär.

Bellenilşi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagy boýunça meselelere seredildi.

***

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň berýän habaryna görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklara görülýän taýýarlygyň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edralarynyň ýolbaşçylary şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seretdiler.

«Turkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde Moskwada saparda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň