Geljekki žurnalistler Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler

16:4923.03.2015
0
2794

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Iri sport baýramçylygyny şöhlelendirmek paýyna düşjek ýaşlary şu günlerden hünäre ugrukdyrmak maksady bilen köpsanly döredijilik duşuşyklary, medeni-sport çäreleri geçirilýär.

Şeýle duşuşyklaryň biri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty (TMSSI) tarapyndan guraldy. Duşuşyk TMSSI-niň mejlisler zalynda geçirilip, oňa Magtymguly adyndaky TDU-nyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş  uniwersitetiniň  žurnalistika hünäriniň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyplary gatnaşdylar. 

Ýurdumyzda giňden tanalýan sport žurnalistleri talyplar bilen pikir alyşdylar hem-de özleriniň köpýyllyk tejribelerini olar bilen paýlaşdylar. Şeýle-de wagtyňy netijeli peýdalanmak, maksadaokgunly bolup ýaşamak, daşary ýurt dillerini öwrenmek we ýatkeşligiňi ösdürmek boýunça hem ýaşlara degerli maslahatlar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar talyplaryň sowallaryna jogap berdiler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň