Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Rus diliniň halkara güni bellenildi

16:0806.06.2022
0
12109

Şu gün Rus diliniň halkara güni hem-de Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň doglan gününiň 223 ýyllygy bellenildi. Bu barada Aşgabatdaky Rus öýüniň web-saýtynda habar berilýär.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň garşysyndaky seýilgähde dabaraly çäre geçirildi. Dabara gatnaşanlaryň arasynda diplomatik gullugyň wekilleri, bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçylary, şeýle-de şahyryň muşdaklary bar. Dabara gatnaşyjylar A.S.Puşkiniň ýadygärligine gül goýdular.

Belläp geçsek, Rus diliniň halkara güni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2010-njy ýylda döredildi. 2011-nji ýyldan bäri bolsa Russiýada köpçülikleýin baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň