Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» internet dükany harytlaryny arzanladýar we söwdalar üçin sowgat berýär

09:3205.06.2022
0
8733

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy tomsuň ilkinji günlerinde käbir harytlar üçin uly arzanladyşlaryň we aksiýalaryň yglan edilýändigini habar berýär.

  • Hojalyk harytlary üçin (ütükler, blenderler, tozan sorujylar, fenler, elektro çäýnekler, howurpeçler) bahalar 30% arzanladylýar;
  • Alvorada we Minges däneli kofeleri üçin 20% arzanladyş;
  • Emalirlenen we keramiki gap-gaçlaryň dürli görnüşleri üçin 30% arzanladyş;
  • Mebeller we käbir öý harytlary üçin 20% arzanladyş yglan edilýär.

Elektronika önümleriniň käbiriniň satyn alnan ýagdaýynda «Gerekli» sowgatlary hem berýär:

  • Honor 50 ýa-da Honor 50 Lite smartfonuny satyn alana 500 manada çenli söwda etmäge mümkinçilik berýän şahadatnama berilýär;
  • 500 manatdan gymmat bolan Technopark önümlerini satyn alana 2 litrlik termos sowgat berilýär;
  • Bahasy 2000 manatdan bolan 32, 40, 43 dýuým ölçegdäki «Skyworth» haryt nyşanly telewizorlardan alana Tenda Wi-Fi rowteri sowgat hökmünde berilýär.

Mundan başga-da, «Gerekli» internet dükany 10-njy iýuna çenli 250 we ondan köp manatlyk söwda eden raýatlaryň öýlerine sargyt edilen harytlary çagalaryň söýgüli multfilmleriniň gahrymanlarynyň — Möý adam hem-de Barboskin keşbindäki çaparyň eltip berýändigini ýatladýar. Olaryň degişmeli oýnunda utmak bilen müşderi «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezindäki Playstation Arena merkezinde bir günlük tölegsiz oýun oýnamaga petek alar.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasyndan hojalyk harytlaryndan, elektronikadan, gap-gaçlardan we beýleki öý harytlaryndan başga-da, azyk iýmit önümlerini, gündelik öý-hojalyk harytlaryny, saglyk üçin peýdaly önümleri hem-de başga-da dürli görnüşli zatlary satyn alyp bolýar. Marketpleýs müşderileri üçin arzanladyşlary we uly sowgatly aksiýalary yzygiderli geçirip durýar.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň