Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

22:2403.06.2022
0
15603
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara baýrama gabatlanylyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, oňa hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gezekki welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan Welosiped binasynyň ýanyndan badalga aldy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanynyň yzysüre hemmeler paýtagtyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.

Welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlary Aşgabadyň şaýollary boýunça hereketini dowam etdiler.

Döwlet Baştutany ýolugra, Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabada gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, ýol düzümleriniň desgalarynyň bezegi babatynda, şol sanda ýerasty geçelgeleri hem-de ýol aýrytlarynyň ýanaşyk çäkleriniň milli bezeg usullaryny, hususan-da, özboluşly mozaika böleklerini ulanmak arkaly ýerine ýetirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyryp, türkmen paýtagtynyň yzygiderli abadanlaşdyrylmagyna hem-de onuň bagy-bossanlyga bürelmegine, şäherde nusgalyk arassaçylyk derejesiniň saklanylmagyna, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny belledi.

Köpçülikleýin ýörişiň geçirilýän ugurnda medeniýet we sungat ussatlarynyň hem çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň bellenilen aralygyny geçip, Ruhyýet köşgüniň ýanynda ýerleşýän pellehana geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutany Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

***

Şu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurduň ähli welaýatlarynda-da welosipedli ýörişler geçirildi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň