Malaýziýada köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

22:2003.06.2022
0
3633

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy tarapyndan Kuala-Lumpur şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýöriş geçirildi.

Ilçihananyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, ýörişe Malaýziýada bilim alýan türkmenistanly talyplar, diplomatik gullugyň işgärleri we beýlekiler gatnaşdy.

Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda geçirilýär. BMG-niň Baş Assambleýäsy bu şanly senäni bellemek baradaky Kararnamany 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň