Soňky habarlar

Arhiw

Mary DES-da täze iş orunlary döredildi

15:4203.06.2022
0
5797

Mary döwlet elektrik stansiýasynda goşmaça iş ogrunlary döredildi. Bu barada «Maru-Şahu Jahan» gazetinde habar berilýär.

Işe kabul edişjek işçiler aşakdaky hünärler boýunça kabul ediler:

  • Nobatçy elektromontýor.
  • Elektrik enjamlaryny abatlamak boýunça slesar.
  • Elektrik maşynlaryny abatlamak boýunça slesar.
  • Bug turbinasynyň we gazan enjamlarynyň gözegçi maşinisti.
  • Elektrik bilen kebşirleýji.
  • Gaz bilen kesiji.
  • Bug gazanlarynyň enjamlaryny bejermek boýunça slesar.
  • Bug turbinalarynyň enjamlaryny bejermek boýunça slesar.

Habarda işe girmek isleýänleriň ýokary, ýörite orta hünär bilimi ýa-da şol ugurdan azyndan 1 (bir) ýyl iş tejribesiniň bolmalydygy bellenilýär.

Habarlaşmak üçin salgysy: Mary etrabynyň S.Türkmenbaşy şäherçesi, senagat zolagy.

Telefon belgileri: kabulhana 1-43-60; işgärler bölümi 1-45-09.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň