Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy tarapyndan welosiped ýörişi geçirildi

13:3403.06.2022
0
4293

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Tähranyň Çitgar seýilgähinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu dabara 2-nji iýunda geçirilip, Bütindünýä welosiped gününe gabat geldi.

Türkmen diplomatik gullugynyň metbugat bölüminiň habar bermegine görä, welosipedli ýörişe ilçihananyň işgärleri, olaryň maşgala agzalary, Eýrandaky türkmen raýatlary we beýlekiler gatnaşdylar.

Belläp geçsek, Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen döredildi we her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýär.

Şu günler Türkmenistanyň Maşatdaky, Ýerewandaky Tbilisidäki, Moskwadaky, Pariždaky, Ženewedaky we Nur-Sultanlar şäherlerindäki ilçihanalary tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişleri geçirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň