Soňky habarlar

Arhiw

«Ak nesil» okuw merkezi çagalar iňlis dilini öwretmekde oýun usullaryndan peýdalanýar

11:1101.06.2022
0
6070

Çagalyk — daşary ýurt dilini öwrenmek üçin oňaýly döwür. Dil öwrenmekde okuw sapaklary dürli oýunlaryň kömegi bilen geçilse çaga dili has tiz özleşdirip bilýär.

«Ak nesil» okuw merkezinde çagalaryň daşary ýurt dilini öwrenmek, okuwa bolan höwesini artdyrmak maksady bilen okuwlar dürli oýun usullary bilen utgaşdyrylýar.

Mysal üçin beýle okuw sapaklarynda mygallymlar çagalara stiker görnüşdäki reňkli kartoçkalar boýunça sapak geçip, munuň bilen birlikde aýdymlary öwredýärler, matallary çözýärler, şeýle-de her hili rollaýyn oýunlary oýnadýarlar. Bu bolsa sapagyň gyzykly geçmegine we çaganyň dili ýeňillik bilen öwrenmegine ýardam edýär.

Okuw sapaklarynyň oýunlar bilen utgaşdyrylyp geçilmegi örän peýdaly bolup, çagalarda okuwyň peýdasyna bolan oňyn garaýyşlaryň döremegine getirýär. Beýle ýagdaýda çaganyň isleginiň ýokarlanmagy bilen sapaklary özleşdirmäge hem gyzyklanma artýar.

Oýunlaryň kömegi bilen çaga reňkleri, dürli figuralary, haýwanlaryň atlaryny başga-da köpdürli zatlary tiz öwrenýär.

Eger çaga iňlis dilini okuw ýaşyndan öň öwrenip başlasa, soňra oňa okuwda hem bu dili öwrenmek, umuman okuwyň islendik dersini özleşdirmek ýeňil düşer. Şunuň bilen birlikde iňlis dilindäki oýunlar çaganyň pikirlenmek ukybynyň açylmagyna, deň-duşlary bilen gatnaşyklary ýygjam alyp barmagyna, duýgularynyň we ýadynyň çuňlaşmagyna gowy täsir edýär.

Belläp geçsek, häzirki wagtda okuw merkezinde çagalar üçin synag barlag okuwlarynyň geçirilýär. Oňa çagalaryň okadylyşyna gözegçilik etmek üçin ene-atalar hem gatnaşyp bilerler.

Şu hepdäniň şenbe güni hem şeýle tölegsiz okuwlar geçiriler. Sapaklar 12:00-dan 13:00-a çenli, şeýle-de 14:00-dan 15:00-a çenli bolar. Sapaklara ýazylmak üçin +99361119551; +99365015145; 955018 telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Okuw merkeziniň salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby, 1946-njy köçe (Bitarap Türkmenistan şaýoly) 129-njy bina (binanyň sag tarapyndan girmeli)

Ozal bu barada, «Ak nesil» okuw merkeziniň iňlis dili sapaklaryny okadyşy bilen tanyşdyrýandygyny hem habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň