Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň kubogy ― 2022: Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

10:0301.06.2022
0
3879

Şu gün Aziýanyň kubogy ― 2022-niň açylyş duşuşygy Özbegistanyň we Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda geçiriler. Duşuşyk Daşkent şäherindäki «Pahtakor» stadionynda bolar.

Duşuşykda eminleriň halkara topary işşlär. Baş emin FIFA-nyň 33 ýaşly emini Hanna Hattab (Siriýa) bolar. Oňa watandaşy Ali Ahmad bilen awstraliýaly Ouen Goldrik ýardam berer. Ätiýaçdaky emin bolsa awstraliýaly Jonatan Barreýro bolar.

Duşuşyk şu gün agşam sagat 20:30-da başlanar. Ol Özbegistanyň Futbol TV teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň