Karim Benzema UEFA Çempionlar ligasynyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi

22:1131.05.2022
0
4801

Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Karim Benzema UEFA-nyň netijesine laýyklykda, Çempionlar ligasynyň 2021/2022-nji ýyl möwsüminiň iň tapawutlanan futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada futbol guramasynyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Benzema Madridiň «Realynyň» düzüminde Çempionlar ligasynyň degişli möwsüminde ýeňiş gazandy. Ol bu baýraga futbol ýolunda eýýäm bäşinji gezek mynasyp boldy. Ýaryşyň final oýnunda ispan topary «Liwerpuldan» 1:0 hasap bilen üstün çykdy. Final duşuşygynyň ýeke-täk goluny bolsa Winisýus Žuniýor geçirdi.

34 ýaşly fransiýaly hüjümçi bolsa ýaryşyň bütin dowamynda 12 duşuşyga gatnaşyp, 15 gezek gol geçirmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň