Dermanlaryň bejermeýän bakteriýalaryna garşy täze antibiotik döredildi

14:3431.05.2022
0
4504
Dermanlaryň bejermeýän bakteriýalaryna garşy täze antibiotik döredildi
Surat: ferra.ru

ABŞ-nyň Rokfeller uniwersitetiniň alymlary hat-da derman serişdelerine hem durnukly bolan bakteriýalara täsir edýän özboluşly antibiotik serişdäni döretdiler. Silagisin serişdesi emeli aňyň hem-de ýörite algoritmleriň kömegi bilen işlenilip taýýarlanyldy. Emeli aň düzüminde antibiotiklere meňzeş bolan birleşmeleri alyp bileninden soň, himikler tejribehanada täze antibiotigi sintezlemegi başardylar.

Ferra.ru web saýtynda bellenilişi ýaly, işlenip taýýarlanan antibiotik Clostridium difficile ýa-da rezistentli metisillin altynsow stafilokokk ýaly derman serişdeleriniň täsir edip bilmeýän bakteriýalaryna garşy netijeli göreşip bilýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, täze döredilen serişde antibiotiklere durnukly patogenlere garşy göreş alyp barmakda iň täsirli derman bolup hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň