1999-njy ýylyň 21-nji martynda ÝUNESKO-nyň baş maslahatynyň 30-njy mejlisinde Bütindünýä şygryýet gününi her ýylyň 21-nji martynda bellemek kararyna gelindi.
Ilkinji Bütindünýä şygryýet güni ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Parižde geçirildi.
“Şygryýet häzirki zaman adamynyň iň ýiti we çuň ruhy sowallaryna jogap bolup biler — diýip, ÝUNESKO-nyň kararynda aýdylýar. — Ýöne munuň üçin oňa jemgyýetçiligiň has giň ünsüni çekmek möhüm bolup durýar”
ÝUNESKO bu gün köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde adamlar üçin açyk bolan şygryýetiň hakyky keşbini döretmäge hyzmat etmeli diýip hasaplaýar.