«Mercedes AMG» kompaniýasy çagalar üçin niýetlenen arabalaryň çäkli tapgyryny öndürdi

17:4730.05.2022
0
3692
«Mercedes AMG» kompaniýasy çagalar üçin niýetlenen arabalaryň çäkli tapgyryny öndürdi
Surat: carscoops.com

Dünýä ýüzünde özüniň kuwwatly we sport awtoulaglary bilen giňden tanalýan «Mercedes AMG» kompaniýasy çagalaryna kiçilikden awtoulaglara bolan söýgini döretmek isleýän ene-atalaryň mümkinçiliklerini hem üns merkezinde saklaýar. Kompaniýa eýýäm birnäçe ýyllar bäri «Hartan» kärhanasy bilen bilelikde çagalar üçin niýetlenen «Mercedes AMG» arabalarynyň önümçiligini dowam edip gelýär.

Häzirki wagtda kompaniýa tarapyndan çäkli san bilen Mercedes-AMG GT ýeňil awtoulagyna bagyşlanyp çaga arabalary öndürildi. Arabalaryň bu çäkli tapgyrynyň rekňi gyzyl-gara reňkde bolup, olaryň daşky örtügi AMG nagyşlary bilen bezelendir. Bu Mercedes-AMG GT ýeňil awtoulagynyň daşky görnüşi bilen meňzeş bolman, onuň içki bezeginde-de meňzeşlik bardyr. Onuň Dinamica mikrofirbaly aýrylan bölegi hem-de spisalarynyň reňki-de Mercedes-AMG GT meňzedilip ýasalandyr.

Elitethings.com saýtynyň ýazyşy ýaly, kuwwatly nemes awtoulaglaryny halaýanlar üçin bahasy 1,200 dollara deň bolan 299 sany Mercedes-AMG GT çaga arabalary öndürilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň