Aşgabatda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler

17:5930.05.2022
0
15953

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Türkmenistanyň «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» kanuny ýerine ýetirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň raýatlaryny iş bilen üpjün etmek boýunça, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Berkararlyk etrap häkimliginiň edara-binasynda, ýagny sagat 09.00-dan-12.00 çenli aralykda «Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini» geçirýändiklerini Size habar berýär. Bu barada TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň