Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

21:4229.05.2022
0
4764

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Oman Soltanlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, döwlet Baştutany iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, Türkmenistanyň olaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklaryň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Oman Soltanlygynyň halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Oman Soltanlygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy maýynda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň