Gurbanguly Berdimuhamedow 1,5 milliard dollarlyk Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

23:1728.05.2022
0
6893

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamanyň amala aşyrylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň dürli künjeklerine iş saparlaryny amala aşyryp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ýerinde öwrenip, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitleýär.
Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler, desgalaryň bellenen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hakynda maglumat berdiler.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna we döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyk derejede dowam edýär. Häzirki zaman binagärlik çözgütleri esasynda dürli önümçilik desgalary, durmuş ulgamyna degişli binalar, ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň gurluşyk we timarlaýyş işlerinde ulanylýan serişdeler we olaryň aýratynlyklary hem-de hil derejesi bilen gyzyklandy. Şol serişdeler ygtybarlylygy, uzak möhletleýinligi, ekologiýasy, owadanlygy, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklygy bilen tapawutlanmalydyr.

Merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary bellenen möhletde tamamlamak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Täze merkezde ady rowaýata öwrülen Akhan atly ahalteke bedewiniň heýkelini oturtmak çözgüdi kabul edildi. Şunda ajaýyp bedewiň heýkeliniň oturdyljak şaýoluna döwrebap at dakmak boýunça pikir alyşmalar boldy.

Merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy we edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibini oňladylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, desgalaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Olar ýerli tebigy-howa şertlerine, ýokary ekologik kadalara, aýratyn-da, milli bezeg aýratynlygyna hem-de berklik, oňaýlylyk talaplaryna doly laýyk gelmelidir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň Baýdak meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde köpçülikleýin medeni çäreleriň, dabaraly ýörişiň geçirilmegini nazara alyp, ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, meýdançanyň töweregindäki ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de adamlar üçin ähli amatlyklary bolan ýerasty geçelgeleriň gurulmagy babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde geçiren iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň üstünlikli çözülmeginiň wajypdygyny belledi we iş maslahatyny yzygiderli, ýagny her hepdede geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylar bilen pikir alyşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra täze merkeziň ýollarynyň, ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeleriniň gurulýan ýerinde saklandy we bu ýerde gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini synlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň