Soňky habarlar

Arhiw

“Döwletliler köşgüniň” okuwçylary ajaýyp awtobus sowgat aldylar

04:0321.03.2015
0
2953

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtyň “Döwletliler köşgüniň” okuwçylary ajaýyp SCANIA awtobusyny sowgat aldylar.

Mälim bolşy ýaly, bu awtobus ýakynda sapar bilen Aşgabada gelen Prezident Hasan Ruhani tarapyndan Eýranyň halkynyň adyndan türkmen halkyna sowgat berlipdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow awtobusy “Döwletliler köşgüne” bermek kararyna geldi.

Bu waka mynasybetli geçirilen dabara ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, Eýran Yslan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular we Köşgüň okuwçylary gatnaşdylar. Şeýle hem oglan-gyzlaryňka myhmançylyga belli estrada aýdymçylary geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň