Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük gullugynyň işgärleri barlag nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

13:5228.05.2022
0
8301

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gazagystanly kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Duşuşyk, Türkmenistan Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2001-nji ýylda baglaşylan gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek baradaky Ylalaşygyň çäginde geçirildi. Bu barada TDGG-nyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, duşuşykda esasan gözegçilik-geçiriş ýerlerinde işleriň döwrebaplaşdyrylmagy baradaky meselä üns berildi. Gazagystanly gümrükçiler Gazagystan Respublikasynyň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde «nusgalyk» barlag nokatlaryny döretmek bilen bagly öz tejribeleri bilen paýlaşdylar. Hususan-da, şeýle gümrük barlag nokatlary Gazagystan-Hytaý we Gazagystan-Özbek serhetlerinde gurlup ulanmaga berlendigi barada habar berildi. Şeýle gümrük barlag nokatlaryny döretmegiň konsepsiýasy, işe girizilmegi hem-de gazanylan netijeler barada jikme-jik gürrüň berildi.

Iş duşuşygynyň gün tertibine şeýle-de taraplaryň gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumat alyşmagy amala aşyrmak üçin indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmagydy. Degişli şertnama geçen 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda özara peýdaly gümrük hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge umyt bagladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň