Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň täze bellenen baş direktory bilen duşuşdy

01:0728.05.2022
0
921

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, hususan-da häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi.

Gerd Müller Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belläp, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini belledi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň öňe süren giň gerimli ykdysady taslamalary, ileri tutýan ugurlary barada Baş direktoryň dykgatyna ýetirildi. UNIDO bilen hyzmatdaşlyk barada belläp geçsek, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin bu Guramanyň ygtyýarlygyna degişli bolan ýaşyl başlangyçlar babatyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge Türkmenistanyň aýratyn üns berýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň