Soňky habarlar

Arhiw

Programmirlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi

23:5427.05.2022
0
3203

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Programmirlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň netijesinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Kuwwat Gulbaýew bilen Bazarkuly Baýmuradow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Myrat Seýitgulyýew, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Mekan Agamyradow birinji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň netijesi boýunça ikinji we üçünji orunlara Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Belläp geçsek, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda programmirleme tehnologiýalary boýunça onlaýn ders bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek ýaşlaryň döwrebap programmalary işläp taýýarlamak ugrunda ukyplaryny ösdürer, şeýle hem sanly özgertmeleri başdan geçirýän Türkmenistanda intellektual tehnologiýalary ulanmagy, çylşyrymly meselelerde bulary işjeň peýdalanmagy başarýan zehinli ýaşlary taýýarlamaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň