Aziýanyň Futbol konfederasiýasy özüniň resmi saýtynda yklymyň kubok ýaryşyna taryhynda ilkinji gezek gatnaşjak Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy barada wideogörnüşleri paýlaşdy.
Görnüşlerde türkmen futbolçylarynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky netijelerine üns çekilýär. Onda türkmen ýaşlary Iordaniýadan 0:1 hasabynda ýeňlip, Palestinany 3:1 hasaby bilen ýeňipdiler. Bu netije olaryň toparçada ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy dörtlügine girmegi üçin ýeterlik boldy.
AFK-nyň metbugat gullugy türkmen futbolçylaryny «gara atlylar» diýip atlandyrýar.
«Olar ýaryşa ilkinji gezek gatnaşmagyň güýji bilen gelýärler. Göreliň, olar garaşýan netijesini alyp bilerlermikä?» diýlip, wideogörnüşlerde aýdylýar.