Birbada dört futbolçy Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda ilkinji gezek çykyş etdi

18:2027.05.2022
0
5650

Tailand ― Türkmenistan ýoldaşlyk duşuşygynda birbada dört futbolçy karýerasynda ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň köýnekçesini geýdi.

Başlangyç düzümde meýdana çykan oýunçylardan «Altyn asyryň» 23 ýaşly ýarym goragçysy Begmyrat Baýow bilen «Ahalyň» 26 ýaşly goragçysy Hoşgeldi Hojowow ilkini gezek köýnekçäni geýip, meýdana çykmak bagtyna eýe boldy.

Baş tälimçi ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryndan bolsa «Ahalyň» 26 ýaşly hüjümçisi Selim Nurmyradow bilen «Altyn asyryň» 23 ýaşly ýarym goragçysy Begenç Akmämmedowy ilkinji gezek milli ýygyndynyň hatarynda meýdana goýberdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň 0:1 hasabynda asgyn gelendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň