Soňky habarlar

Arhiw

Sues kanalynyň girdejileri 7 milliard ABŞ dollaryna çenli artdy

14:1627.05.2022
0
529
Sues kanalynyň girdejileri 7 milliard ABŞ dollaryna çenli artdy
Surat: korabel.ru

Müsüriň Sues kanalyny ulanmakdan alýan girdejileri 2021-2022-nji maliýe ýylynda (Müsürde 1-nji iýuldan geljek ýylyň 30-njy iýunyna çenli) 6,9 milliard ABŞ dollaryna deň boldy, bu barada ýurduň “Aş-Şuruk” täzelikler portalyna kanalyň edarasynyň başlygy Usama Rabia habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Müsüriň Mejlisinde edilen nutukda ýolbaşçy mundan bir ýyl bu görkezijiniň 5,8 milliarda deň bolandygyny ýatlatdy, şol döwürde kanaly 19 müň gämi geçipdir, 2021-2022-nji maliýe ýylynda tranzit 15 göterim artyp, 21 müň gämä deň bolupdyr. Muňa Pars aýlagyndan Ýewropa nebitiň daşalmagy, çig nebite nyrhlaryň gymmatlamagy sebäp bolupdyr, şol sebäpli gämi eýeleri Sues kanalyny iň gysga ýol hökmünde saýlap alypdyrlar.

Sues kanalyna dünýä söwdasynyň 12 göterimi we nebit daşalyşygynyň 5-den 10 göterimine çenli bölegi degişlidir, bu hem ony Müsüriň iň uly girdeji çeşmeleriniň biri edýär.

Kanal gämi gatnawy üçin 1869-njy ýylyň noýabrynda açyldy, ol söwda we harby gämiler üçin Aziýadan Ýewropa deňiz ýoluny 8 müň kilometr gysgaltmaga mümkinçilik berdi, öň bu aralygy geçmek üçin bütin Afrika yklymynyň daşyndan aýlanmaly bolýardy.

2015-nji ýylda kanalyň täze, 72 kilometrlik şahasy açyldy, ol transport şahasynyň geçirijilik ukybyny birwagtda köne we täze şahalar boýunça ikitaraplaýyn geçmäge mümkinçilik bermek bilen, iki esse, ýagny 49-dan 97 gämä çenli artdyrmak üçin ulanyşa berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň