Ermenistanyň ilkinji emeli hemrasy uçuryldy

12:4527.05.2022
0
3469
Ermenistanyň ilkinji emeli hemrasy uçuryldy
Surat: panorama.am

Ilkinji ermeni kosmos emeli hemrasy SpaceX kosmos gämisi arkaly Ýeriň töweregindäki giňişlige çykaryldy, bu barada ýurduň premýer-ministri Nikol Paşinýan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi diýip, “Interfaks” ýazýar.

Paşinýan hemranyň orbita uçurylmagyny döwletiň “Geokosmos” edarasynyň “Santlantis” ispan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyrylandygyny nygtady. Enjam 25-nji maýda Kanaweral burnundan uçuryldy.

“2023-nji ýylyň aýagyna çenli Ermenistanda diňe bir ýerli däl, daşary ýurt operatorlaryna hem hyzmatlary hödürläp biljek dolandyryş merkezi we stansiýa açylar” diýip, hökümet başlygy belledi. Onuň sözlerine görä, enjamdan alynjak suratlar respublikanyň serhetlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň