«Thairath TV» Türkmenistan bilen Taýlandyň dostluk futbol duşuşugyny göni ýaýlymda görkezer

12:0027.05.2022
0
5175

«Thairath TV» teleýaýlymy Taýlandyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Sisaket welaýatyndaky «Şri Nakhon Lamduan» stadionynda Taýland bilen Türknenistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek dostluk duşuşygyny göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirer. Taýlandyň futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk şu gün Aşgabat wagty bilen 15:00-da başlanar.

Taýlandyň milli ýygyndysy bilen geçiriljek bu deslapky taýýarlyk oýny Türkmenistan üçin Aziýanyň kubogy — 2023 ýaryşynyň saýlama tapgyrlary üçin uly taýýarlyk bolar.

Belläp geçsek, 24-nji maýda Türkmenitsnayň milli ýygyndysynyň futbolçylary Taýlandyň türgenleşik geçirilýän ýerine barypdylar. Häzir milli ýygyndynyň düzümine 23 futbolçy çagyryldy. Topar Taýlandda 31-nji maýa çenli türgenleşiklerini geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň