Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda onkologiýa hassahanasyny açdy

23:1427.05.2022
0
6332
 Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda onkologiýa hassahanasyny açdy
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynda 150 orunlyk täze onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary astynda toý bagyny kesip, döwrebap lukmançylyk desgasynyň aýry-aýry bölümleriniň işi bilen ýakyndan tanyşdy.

Daşoguz şäherinde gurlan täze onkologiýa hassahanasy umumy meýdany 5,9 gektara deň bolan 6 bölekden, 3 gatly bejeriş bölümli binalar toplumyndan, operasion we laborator-anyklaýyş, maslahat beriş bölümlerinden, hojalyk hem-de tehniki binalardan ybaratdyr. Onda maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, barlaghana, 50 orunlyk umumy onkologiýa, 50 orunlyk radiologiýa, 20 orunlyk himiýaterapiýa, 20 orunlyk gematologiýa, 10 orunlyk polliatiw hem-de 12 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Ýeri gelende daşary ýurtly bilermenler tarapyndan Daşoguz şäherinde gurlan täze hassahanalara halkara güwänamalaryň gowşurylandygyny-da nygtamak gerek.

Daşoguz welaýat onkologiýa hassahasy hem, şu günki açylan köpugurly hassahanasy hem Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Niderlandlar Patyşalygy, Çehiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary, saglygy goraýyş maksatly beýleki serişdeleri bilen üpjün edilendir.

Täze lukmançylyk edaralarynda zähmet çekjek hünärmenler bolsa ýurdumyzyň merkezi hassahanalarynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Türkiýede, Russiýada hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçen tejribeli lukmanlardyr.

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahana hem açylyp ulanylmaga berildi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň