Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzly düýe çopany Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygyň täsirlerini paýlaşdy

09:1027.05.2022
0
1559
Daşoguzly düýe çopany Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygyň täsirlerini paýlaşdy

Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň düýe çopany Atamyrat Işanberdiýew Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen düýn bolan duşuşygyň täsirlerini «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy bilen paýlaşdy.

— Häzir sähranyň iň gözel wagty — çöl ösümlikleriniň gül açyp, ýaşyl öwüsýän döwri. Biziň çopan goşumyza hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sahawatly Şa gadamy düşdi. Arkadagly Serdarymyzyň mähribanlygy bilen giň ýaýlamyzyň bereket-bolçulygy artyp, görki has-da gözelleşen ýaly boldy.

Bahar paslynyň häzirki günleri çopanlaryň ýakymly aladalarynyň artýan günleri, işleriň iň gyzgalaňly dowam edýän döwri. Şeýle işlere ulaşyp, onuň netijesine guwanýan wagtyňda hal-ýagdaýyň soralyp, “Arma!” diýilse, güýjüňe güýç goşulýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet işleriniň kändigine, her minudynyň çäklidigine garamazdan, wagt tapyp, çopan goşumyza gelmegi başymyzy göge ýetirdi.

Häzir sürimizde 144 baş düýämiz bar. Olaryň 77-si köşekler. Arkadagly Serdarymyz köşejikleri synlady, Gün nuruna ýalkym saçýan bu köşejikleriň bökjekleşişlerine juda begendi. Belent mertebeli, beýik adamkärçilikli Ynsanyň pespälligi bizi haýran galdyrdy. Döwlet Baştutanymyz durmuş-ýaşaýyş şertlerimiz bilen içgin gyzyklanyp, ýagdaýlarymyzy sorady. Bu duşuşyk meniň üçin unudylmajak bagtly pursatlara beslendi.

Hormatly Prezidentimiz çekýän asylly zähmetimizi göz öňünde tutup, gymmat bahaly sowgat gowşurdy. Gül ýaly, eşretli döwürde ýaşaýarys. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda işlemekden, zähmetiň rehnedini görüp, bolelin durmuşda ýaşamakdan uly bagt ýokdur. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz barada edýän çäksiz aladalary, döredýän uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň